3-nji fewralda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi.

Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu sebitde suw hzojalygynyň, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilip, öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral sebitinde ykdysady ösüşiň, durmuş abadançylygynyň we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagynyň suw serişdelerine elýeterlilik, oba hojalygynda olaryň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylyşynyň üpjün edilmegi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny belläp, bu ugurda oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.