Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Häzirki wagtda bu konsepsiýa durmuşa geçirmek işleri biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti-nyň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem guramaçylykly alnyp barylýar.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda Aşgabat şäheriniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hünärmenler, mugallymlar şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi düzüldi. Onuň binýadyna bolsa, sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy, orta hünär okuw mekdebimiziň elektron sahypasy döredildi. Sanly bilim portallary özünde elektron resminamalary, elektron barlag testleri, elektron kitaphanany, okuw gollanmalaryny şeýle hem birnäçe gyzykly maglumatlary öz içine alýar. Orta hünär okuw mekdebimizde talyplar elektron portalyň üsti bilen her bir derse degişli kitaplary, gollanmalary, suratdyr – wideo şekilleri, meseleleri we ýumuşlary ýeňillik bilen alyp, hünär başarnyklaryny, akyl paýhaslaryny has-da çuňlaşdyryp bilýärler. Bu bolsa gülläp ösýän ýurdymyzda ylymly-bilimli, watan söýüji hünärmenler bolmak üçin uly itergiler berýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz gün saýyn gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen sanly bilim ulgamynda ägirt uly işler edilýär we ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär. Bize bolsa şol şertlerden peýdalanyp hünär derejämizi çuňlaşdyryp, Hormatly Arkadagymyza, Watana, il-güne wepaly bolmak galýar! Şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Mähriban Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý onuň jany sag bolsun, il-ýurt üçin alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!