Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda döwlet belgisi 1 bolan Mercedes-AMG C 43 Estate hereketlenýän wagty surata alyndy. Munuň ýaly belginiň bahasy 2,5 million Awstraliýa dollaryna (1,9 million ABŞ dollary) deňdir.
Gaty seýrek awtoulag belgisi 1932-nji ýylda öndürilipdir. Doly gara peştaga diňe Wiktoriýa ştatynyň gysgaltmasy – Vic we 1 belgisi ýazylandyr. Öndürilenden soň, Melburndaky döwlet gullukçylary munuň ýaly seýrek belginiň kimiň awtoulagyny bezemegi gerekdigini bilmändirler. Netijede seýrek belgi awtoulaglary hasaba alýan departamente tabşyrylýar. 1984-nji ýyla çenli bolsa şol ýerde saklanýar. Şol ýyly Wiktoriýa ştatynda geçririlen auksionda nämälim hyrydar gara belgini 165 müň Awstraliýa dollaryna satyn alypdyr. Töwekgele esaslanan haryda seretmezden, eksklýuziw belginiň bahasy ýyl-ýyldan gymmatlapdyr.
Häzirki wagtda bu awtoulag belgisiniň soňky eýesi 2 million ABŞ dollaryna satyn aldy. bu bolsa 80 ýyllyk belginiň rekord bahasy hasaplanýar.