Müsür Aleksandriýasynda ýerleşýän gadymy Taposiris Magna şäherindäki 16 sany mazarlaryň birinden adaty bolmadyk dile eýe bolan 2 müň ýyllyk mumiýalanan adamyň jesedi tapyldy. Bu ýerde gadymy Müsür hudaýlary Osiris we Isida bagyşlanylyp bina edilen köp sanly ybadathanalar ýerleşendir. Bu barada “Hi-Tech.Mail.ru” habar berýär.
Gadymy Müsürde adam aradan çykandan soň, o dünýäde hudaýlaryň öňünde peýda bolýar. aradan çykan hudaýlar bilen özüniň ruhy hakynda gürleşmegi gerek bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, gürleşmek üçin bolsa ilkinji nobatda dil gerek. Eger-de bagtsyz hadysa ýa-da tebigy ýagdaýda dile şikes ýeten bolsa, mumiýaçylar onuň ýerine başga dili goýan bolmaklary mümkin. Ähtimal tapylan mumiýanyň eýesi şunuň ýaly ýagdaýa duçar bolan bolmagy mümkin.
Gürrüňi edýän mumiýa nusgasynyň dilini näme üçin aýratyn altyndan ýasalandygy häli häzire çenli belli däl. Bu jaýlanan adamyň galyndylary baý asylzada adama degişli bolmagy mümkin – häzirki wagtda mumiýany öwrenmek işleri dowam edýär.
Hünärmenler tarapyndan “altyn dilli mumiýa” diýlip atlandyrylan tapyndydan daşary, ýüzüne nikaby we heýkel bölekleri bar bolan aýalyň galyndylary hem tapyldy. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndylar gowy ýagdaýda saklanypdyr.