Gazagystanda 14 metrlik buz “wulkanynyň” peýda bolandygyny şekillendirýän suratlar internetde peýda boldy. Ene tebigatyň bu gudratyna tomaşa etmek üçin häzirki wagtda köp sanly adamlar bu ýere gelýärler. Bu barada “Hi-Tech.Mail.ru” habar berýär.
Adaty bolmadyk “minara” degişli bolan suratlar ýerli ilat we syýahatçylar tarapyndan jemgyýetçilik torlaryna ýerleşdirilýär. Munuň ýaly buz daglary Almaata welaýatynda ozal hem bardy. Bu ýylkysy bolsa öňkilerden has hem haýran galdyryjydy.
Buz “wulkany” sowuk we garly howa wagtynda ýerasty suwlary çykýan ýerde peýda bolýar. Artezian suwlary çüwdürim ýaly atylýar. Howanyň sowuklygy sebäpli buz daglaryna öwrülýär.
Häzirki wagtda bu ýeriniň mähellesi ýetik. Başdan geçirmeleri we tebigat gözelliklerini halaýan adamlar bu ýerde surata düşýärler. Gyş paslynyň täsinliklerinden lezzet alýarlar.