“Interfaks”-yň habar bermegine görä, Türkiýe 2021-nji ýylyň aprel aýyndan syýahatçylyk möwsümine başlaýar. Bu barada ýurduň syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý maglumat berýär. Meýilleşdirilýän işler barada Mehmet Ersoý şeýle diýýär: “Möwsüm Orta Ýer deňziniň kenarlaryndan start alýar. Soňra Egeý deňziniň kenarlaryna çenli giňeler”.
Türkiýa ilkinji nobatda ýewropalylar myhman bolarlar. Aprel we maý aýlarynda uzak dowam edýän baýramçylyklar sebäpli russiýalylar we iňlisler gelerler. 19-njy maý Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen musulman syýahatçylar hem gelip başlar. Syýahatçylyk ulgamyndaky doly janlanyş awgust aýynda başlanmagyna garaşylýar.
2020-nji ýyla ser salsaň, Türkiýe döwletiň howpsuz sertifikatlaşdyrmak arkaly daşary ýurtlara açylandygy sebäpli ýurt Ispaniýa we Gresiýa döwletleri ýaly köp syýahatçy ýitirmediler. Umumy hasapda ýurtda 16 million syýahatçylar geldi. Bu ulgamdan ýurt üçin girdeji bolsa 12,1 milliard dollara deň boldy.
Bulardan başga-da, Türkiýe daşary ýurt kinosenagat wekilleri üçin býurokratik çäklendirmeleri maksimal derejede sadalaşdyryldy. Bu bolsa olaryň gyzyklanmalaryny artdyryp, ýurduň ykdysadyýetine belli bir derejede uly peýda getirýär.