Giçki güýz we gyş paslynyň iň arzyly önümi bolan hurma diňe bir özüniň süýji tagamy bilen däl, eýsem, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen hem bellidir. Ösümligiň dünýäde bäş ýüz töweregi görnüşi bolup, onuň iň meşhury «Korolýokdy». Ol şokolad ýaly garamtyl reňkde bolup, tagamy gaty süýji we näzikdir. Häzirki zaman lukmançylygynda hurmanyň ähli görnüşleriniň hem deň derejede peýdalydygy ykrar edilýär.
• Hurma beta-karotine, A witamine, ýoda şeýle-de ýürek kesellerini bejermekde nepi bolan magniý we kaliýe örän baýdyr.
• Hurmada demriň mukdarynyň örän köp bolmagy ony ganazlygyň ajaýyp bejeriş serişdesine öwürýär.
• Şeýle-de bu miwäniň düzüminde C witamini bolup, hurma bu witamine baý sitrus miwelerinden tapawutlylykda aşgazanyň diwarlaryna oňyn täsir edýär.
• Hurmanyň düzüminde «B» witamini köp bolup, ol möwsümleýin kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmaga we keýpiňi götermäge ýardam edýär.
• Ösümligiň düzümindäki «C» we «PP» witaminleri damarlaryň we kapilýarlaryň diwarlaryny berkitmekde peýdalydyr.
• Ol bedende holesteriniň derejesini hem sazlap bilýär.
• Günüň dowamynda uly adamalara 2-3, çagalara bolsa 1 hurma iýmek ýeterlik.
• Ýöne süýjüli diabet keselinden ejir çekýän adamlara hurmany diňe lukmanyň gözegçiliginden soňra iýmeklik maslahat berilýär.