Sahawatly türkmen topragy ýylyň-ýylyna tagamy datly miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşlerini boldan eçilýär. Adam saglygy uçin iňňän peýdaly, düzümi ömrüňe ömür goşýan witaminlere baý önümleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bar.

Ter miweleri taýýarlamagyň iň amatly hem netijeli usuly olary guratmakdyr. Bildirilýän talaplaryň ählisi berjaý edilip taýýarlanan kakadylan miweler hatda uzak wagtlap saklanan ýagdaýynda hem A, B1, B2, С, D witaminleri düýbünden ýitirenok. Gaýtam, guradylanda miweler saglyk üçin ter görnüşindäkiden hem has peýdaly bolýar.

Erik we garaly kişdesi, kişmiş, guradylan injirdir alma, kak, hurma ýaly ir-iýmişler hemişe-de bereketli saçaklarymyzyň bezegi bolup durýar. Häzirki döwürde bazarda azyk bolçulygynyň artmagy bilen kiwi, limon, apelsin, ananas ýaly miwelerden kakadylyp taýýarlanan datly tagamlar hem öndürilip başlandy.

Kakadylan miweler we ir-iýmişler diňe bir witaminlere baý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, düzüminde mikroelementleri hem köp mukdarda saklaýar. Pektinler aşgazan-içege synalary sagdynlaşdyrýar, iýmit siňdiriş agzalaryny işjeňleşdirýär, içgatama we içgeçme ýaly oňaýsyz ýagdaýlardan goraýar.

Mundan başga-da, kakadylan miwedir ir-iýmişlerdäki uglewodlar synalara kuwwat berýär, aýratyn hem, adamyň pikirlenmek ukybyny üpjün edýän beýni üçin zerur bolan energiýanyň esasy çeşmesidir. Emma berhiz lukmanlary tebigy uglewodlar bilen emeli taýýarlanan (süýji, köke, mürepbe, şeker önümleri we ş.m.) uglewodlaryň arasyndaky tapawudyň örän uludygyny belleýärler, olaryň saglyga ýetirýän täsiri hem düýpli tapawutlanýar.

Kakadylan hurma miwesini alyp göreliň. Onuň düzümi saharoza we fruktoza ýaly ýeňil uglewodlardan ybarat. Olar düzümindäki peýdaly mikroelementleriň hasabyna dişiň syrçasyny berkidýär. Mundan başga-da, hurmada beýniniň we nerw ulgamynyň sagdyn işlemegi üçin talap edilýän aminokislotalaryň 20-den gowrak görnüşi saklanýar. Hurmada saklanýan A witamini gözüň görüşini ýiteldýär, С we E witaminleri immuniteti berkidýär hem bedeniň dürli kesellere garşy göreşijiligini, ganaýlanyşygyny ýokarlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde, uglewodlara baý kakadylan miweleri iýmeklik süýjüli diabet ýa-da aşgazan-içege ýollarynda näsazlyklar ýüze çykarylanda, şeýle hem allergiýasy bolan adamlara maslahat berilmeýär.

Kişmiş ýörite usulda kakadylan ak we gara üzümdir. Onda hem B1, B2, B3 toparlaryna degişli bolan witaminler köp saklanýar. Kişmiş, aýratyn hem, nerw ulgamyna köp agram düşýän (meselem, aň zähmeti bilen meşgullanýan) adamlara peýdalydyr. Onda saklanýan fosfor, magniý, demir elementleri ösüp gelýän çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.

Dowamly erik kişdesini iýýän çagada demriň ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan ganazlyk seýrek duş gelýär. Kakadylan ir-iýmişlerde saklanýan proteinler we ýaglar bolsa jogapkärli ýaryşlaryň öň ýanynda türgenlere goşmaça kuwwat berýär. Dogry kakadylan erik kişdesi gury,ýumşak hem çeýe bolmaly, eliňde gyssaň döwülmeli däl. Kakadylan garaly miwesi gury, reňki gara bolmaly.

Kakadylan injir ýürek myşsasyny berkidýär, nerw ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Talabalaýyk taýýarlanan kakadylan miwedir ir-iýmişler ilkibaşdaky agramyny we göwrümini ýitirýär. Daş görnüşi has owadan, ýalpyldap duran kişmişdir kişde, köplenç, aşgarlanan bolsa şeýle bolýar.

Mundan başga-da, kakadylan miwelerden dürli miwe suwlary, tagamly gaýnatmalar taýýarlanylýar. Süýji tagamly çorbalara hem süýji şülelere goşulýar, palawa atyp buglanýar, kökedir işleklileriň içine salyp bişirilýär.

Gunça GURBANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 105-nji toparynyñ talyby