Ýakynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem milletiň Lideri maslahatyň dowamynda bilim ministri O.Gurbanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ulgamy kämil derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.
Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik işleri ýokary derejede guralmalydyr. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, bu babatda mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.