Belarusyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarynyň sany boýunça birinji orny Türkmenistan eýeleýär – 9788 talyp (2018/2019 okuw ýylynda 7749 talyp). Munuň özi ýurtdaky daşary ýurtly talyplaryň 53,1%-ine barabardyr. Ikinji ýeri russiýaly talyplar eýeleýärler – 1439 talyp. Üçünji orunda 1435 talyby bilen Hytaý ýerleşýär.