Öňümizdäki üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralary tapgyrlaýyn hojalyk hasaplaşygyna geçiriler. Ýakynda geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz akademiýanyň ýolbaşçysyna bu babatdaky çäreleriň meýilnamasyny gyssagly taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Nygtalyşy ýaly, ylmy-tejribe işlerini geçirmekde sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly beýleki döwletleriň ylmy edaralary, halkara uniwersitetleri hem-de abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Şonuň ýaly-da, Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan önümleriň, materiallaryň has täze we ykjam görnüşlerini öndürmek, önümçilik usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini gurap, pudaklar üçin teklipleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny aýtdy hem-de bu ugurda halkara derejesinde tanyşdyryş dabaralaryny, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.