Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky düzgünnama, nyşanyň ýazgysy hem-de şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.
Degişli resminamany hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça geçiren iş maslahatynda gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.