Amerikanyň “The Walt Disney Company” korporasiýasy “Buz eýýamy” we “Rio” multfilmlerini döreden Blue Sky Studios”-yň ýapylýandygyny mälim etdi.
Bu barada “Esquire” habarlar gullygy maglumat berýär.
Kompaniýanyň beýanatynda ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, “Blue Sky Studiosda” önüm öndürmegi bes etmek hakynda netijä gelnendigi aýdylýar. “Esquire”-niň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda “Disney” 2,86 milliard dollar ýitirdi.
Soňky iki aýyň dowamynda studiýa bütinleý ýapylar. Netijede takmynan 450 adam işsiz galar. Habarlara görä, “Blue Sky Studios” hünärmenlerine başga “Disney” taslamalarynda, şeýle hem, “Walt Disney Animation Studios” we “Pixar”-da işlemek teklibini berer.
Ýeri gelende belläp geçsek, “Blue Sky Studios” 1987-nji ýylda döredilipdi. 2017-nji ýylyň dekabrynda “Disney” “21st Century Fox” studiýasyny we kompaniýanyň başga aktiw serişdelerini satyn aldy. Şeýle hem, häzirki wagta çenli “Blue Sky” 13 sany doly metražly multfilm, “Buz eýýamy” multfilminiň 5 bölümini işläp düzdi. 2019-njy ýylyň hasabyna studiýanyň soňky işi — “Rehimsiz we mähriban içalylar” multfiliminiň tanyşdyrylyşy boldy.