Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasy tarapyndan guralan göçme serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynda çykyş eden muzeýiň işgärleri we uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyplary “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy kämilleşdirmek, ata-babalarymyzdan miras galan çeper hem özboluşly häsiýete eýe bolan milli gymmatlyklarymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaly ajaýyp eserleriniň türkmen medeniýetiniň, milli sungatymyzyň taryhyna aralaşyp, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklary kemala getirmekde mynasyp orna eýedigi, şeýle-de, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyplyklaryny ýaşlaryň bilim-terbiýe işiniň esasyna öwrülmegi dogrusynda alnyp barylýan işler barada täsirli çykyşlar etdiler. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli mirasymyz hasaplanýan el işleri, dokmaçylyk, halyçylyk zergärçilik önümleri, milli egin-eşikleriň görkezme nusgalary serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergä tomaşa etmäge gelen talyp ýaşlarda bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşaýan türkmen halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen baglanyşykly şu günüň ruhuny özünde jemleýän görkezme esbaplary uly täsir galdyrdy. Sungatyň dürli ugurlary boýunça ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary ýaşlarda şanly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, ynsanperwerlik we dostluk-doganlyga esaslanýan asylly ýörelgelerimize bolan milli buýsanjy goşalandyrdy.

Ýokary ruhubelentlikde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda guralan sergi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmeginde, milli taryhymyza has-da oňat göz ýetirmek, şöhratly geçmişimiz, medeniýetimiz we sungatymyz barada täze gyzykly maglumatlara eýe bolmak babatda örän uly amaly häsiýete eýe bolup, sergä gatnaşyjylar şeýle bagtyýar durmuşy halkyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.