Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny ýokary götermekde, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmek we toplumyň halkara energiýa ulgamlaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, pudaga ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini hormatlamak maksady bilen kabul edildi.