Dil öwrenmek häzirki zaman dünýäsinde örän derwaýys hasaplanýar. Bir dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. Dünýä meşhur bilermenleriň terjimehallary bilen tanyş bolsaň, olaryň aglabasynyň ylmy daşary ýurt dillerinde özleşdirendigine göz ýetirýärsiň.
Edinburg uniwersitetinde 2008-2010-njy ýyllar arasynda geçirlen ylmy-barlag işiniň netijesine görä 2 ýa-da has köp dilde aragatnaşyk gurnap bilýän adamlaryň beýin aktiwligi ýeke dil bilýänleriňkä garaňda mese-mälim tapawutly bolup durýar. Bu barada “Annals of Neurology” atly žurnalda gürrüň berilýär. 262 adama 11 ýaşynda geçirlen zehin testlerini 70 ýaşlarynda täzeden geçirmek arkaly gurnalan ylmy işde, iki dili seljerip bilýän adamlaryň aň we beýin ukyplarynyň has ýokarydygy anyklandy. Eýsem, dil öwrenmek üçin näme zerur:
Islemek gerek: Dil öwrenmek ilki islemek bilen başlanýar.
Hakykatçyl boluň: Köp adam öz öňünde dil öwrenmek babatda ýetip
bolmajak ägirt maksatlar goýýarlar we bu olaryň sustunyň basylmagyna sebäp bolýar. Nemes dilmaçlaryndan Judith Matz şeýle maslahat berýär: “Täze bir dilde 50 sözi jemläň we olary gürrüňdeşlikleriňizde ulanmaga başlaň. Grammatikany mundan soň öwrenmek dogry”.
Dili ýaşaýyş stili hökmünde kabul ediň: Elisabet Buffrad iňlis dilini 27 ýyldan bäri öwrenip gelýär. Ol bu babatda şeýle diýýär: “Gaýratly bolmak bir öwrenijini beýlekilerden tapawutlandyrýan bir artykmaçlyk. Dili hassa wagtyňyzam, ýadaw wagtyňyzam alyp baryp boljak bir güýmenje hökmünde kabul ediň.”.
Öwrenýän diliňizi öýde oýuna öwüriň: Daşary ýurt diliňizi gündelik durmuşyňyzyň içine näçe çuň ornaşdyryp bilseňiz, beýniňiz ol dili şonça ýokary ähmiýetde kabul eder. Rus terjimeçisi Olga Dmitroçenkowa bu ýagdaýy şeýle beýan edýär: “Her mümkinçiligiňizi täze dile uýgunlaşdyryň. Meselem, öýüňizdäki her abzallaryň üstüne täze dildäki atlaryny ýelmäp çykyň, ol dilde ýazylan çaga kitaplaryny okap çykyň”.
Täze dostlar tapyň: Täze öwrenen diliňizde aragatnaşyk gurnamak gaty zerurdyr, sebäbi beýin täze sözleri ilki öz içinde terjime edip onsoň sözlemek arkaly işleýär. Täze öwrenýän diliňizi ene dili hökmünde ulanýan bir adam bilen aragatnaşyk gurnaňyzda bolsa adam gatnaşygy dilden has öňe çykýar we beýni öz üstündäki dartgynlykdan azat bolýar, aňsat özleşdirýär.
Ýalňyşmakdan gorkmaň: Täze dil öwrenmekde iň esasy päsgelçilikleriň biri hem şudur. Emma gynansak-da, dil öwrenmegiň synanyşmakdan we ýene synanyşmakdan başga ýoly ýok; bu ýatda galyjylyk taýdan hem gaty peýdaly.
McGill uniwersitetinde bir alymlar topary “diňlemek we synanyşmagyň beýni işjeňligine täsiri” barada ylmy-barlag iş geçirdi. Bu barada “Celebral Cortex” atly žurnaldaky bir habarda aýdylýar. Ol ylmy işiň netijesine görä, adamlar çalyp gören sazlaryny diňe diňläp gören sazlaryndan has oňat ýadynda saklaýarlar. Barlag işiniň ýolbaşçylaryndan Prof. Caroline Palmer, diňe diňlenen saza derek çalyp görlen sazyň ýa-da diňe diňläp görlen söze derek sesli aýdylyp görlen sözüň has oňat ýatda galýandygyny nygtaýar. Geliň täze bir dil öwreneliň! Eger hakykatdanam islesek ähli päsgelçilikleri pursatlara we mümkinçiliklere öwrüp bileris. Bu diňe biziň ýeterlik islege eýe bolmagymyza bagly we ýaşyñ uly bolmagy ýa-da kiçi bolmagy hiç zady üýtgedenok.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Paltaýewa Arazbibi