Angliýadaky Surreý uniwersitetiniň barlagçylary nahar bişirilişine tomaşa etmegiň artykmaç iýmitlenmek we semizlik töwekgelçiliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigini anykladylar.
Alymlar bu barlaglara meýletin gatnaşan 80 aýalyň iýmitlenişini synladylar. Synagyň çäginde gatnaşyjylar taýýarlyk gördüler we et hem salat doldurylan tagamlary iýdiler. Birinji topar tagamlaryň taýýarlanyşynyň wideosyna tomaşa etdi, ikinjisi wideo bolmazdan bişirildi. Barlag toparyna asla nahar bişirmek zerurlygy ýokdy, olara taýýarlanan nahary iýmek teklip edildi.
Tomaşa edenler, bişirilen nahar hödürlenýän barlag toparyndan 14% köp iýdi. Özleri bişiren, ýöne wideo görmedik gatnaşyjylar gözegçilik toparyndan 11% köp iýdiler.
Barlag nahar bişirmek prosesine syn edilende açlygyň artýandygyny görkezdi.
“Nahar bişirilende yslar, sesler we tagamlar bedenimize iýmitiň gelýändigini aýdýar we biziň bedenimize hem-de beýnimize öňünden duýma täsirini ýetirýär”-diýip barlagy alyp baryjy awtor Jane Ogden aýdýar. Bu barada Appetite žurnaly habar berdi.