Sanjym edilen ýere üç günläp suw degirmek maslahat berilmeýär, hammam we sauna barmakdan saklanmaly.
Ýaramaz täsirleriniň biri, temperaturanyň 38 dereje ýokarlanmagydyr. Bu ýagdaýda lukmanlar parasetamoly kabul etmegi maslahat berýärler.
Täze görnüşli koronawirus ýokançlygyna garşy sanjym edilenler, bedende D witaminiň derejesiniň ýeterlikdigine ýa-da zerur bolsa ýetmezçiligini aradan aýyrmalydygyna üns bermelidirler.
Koronawirusa garşy sanjymdan soň aşa üşemezlik, aşa gyzmazlyk, bedeniňiz üçin streslerden gaça durmagy we allergiki iýmitleri iýmezlik maslahat berilýär.