Alymlar howp toparyna girýän adamlary çalt barlamak üçin hassanyň iki elinde basyş ölçeglerini hökmany etmegi teklip edýärler.

Sag we çep ellerdäki gan basyşynyň görkezijileri gaty tapawutly adamlar deň-duşlaryndan ýürek agyrylaryndan, insultlardan we ýürek we gan damarlarynyň beýleki kesellerinden köp aradan çykýar. Kardiologlar şeýle netijä geldiler we bu barada Hypertension ylmy žurnalynda çap etdiler

BSGG hünärmenleri ýürek agyrylarynyň we insultlaryň ep-esli böleginiň ýokary gan basyşy, erbet endikler bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Teoriýa boýunça, töwekgelçilikli adamlaryň özüni alyp barşyny we iýmitleniş endiklerini sazlamak arkaly munuň öňüni alyp bolar.

Adamyň töwekgelçilikdedigni ýa-da ýokdugyny kesgitlemek üçin lukmanlar, adatça, gan aýlanyş ulgamyndaky basyşyň birnäçe günüň dowamynda üýtgemegine gözegçilik edýärler. BSGG-nyň tekliplerine laýyklykda lukmanlar we kardiologlar sag we çep gollara basyşy ölçemeli.