Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginiň (UEFA) ýerine ýetiriji komiteti, koronawirus sebäpli 2021 UEFA 19 ýaşa çenli Ýewropa çempionatyny ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada UEFA metbugat gullugy habar berdi.
19 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky Ýewropa çempionaty hem ýatyryldy. Häzirki hökümetiň çäklendirmelerinde toparlaryň hereketini we ýaryşlaryň geçirilmegini üpjün etmek gaty kyn.
19 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Ýewropa çempionaty Rumyniýada 30-njy iýundan 13-nji iýul aralygynda, gyzlaryň arasynda – 21-nji iýuldan 2-nji awgust aralygynda Belarusda geçirilmelidi. 2020-nji ýylda pandemiýa ýaryşlaryň geçirilmeginiň öňüni aldy.
Şeýle hem, UEFA 9-dan 26-njy iýuna çenli Wengriýada we Sloweniýada geçiriljek 21 ýaşa çenli Ýewropa çempionatynda beýniniň şikeslenmegine güman edilýän goşmaça çalyşmalar geçirdi.