Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda netijeli türkmen-owgan özara hereketleriniň gün tertibi boýunça pikirler alyşyldy.

Taraplar energetika, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurly taslamalaryň dessin durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny nygtadylar. Şunlukda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollarynyň çekilmegi ýaly geljegi uly taslamalaryň öz wagtynda we talabalaýyk durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli infrastruktuta taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň derwaýys häsiýetini belläp geçdiler.

Türkmen tarapy parahatçylykly owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi maksady bilen işjeň özara hereketleri dowam etmäge, şol sanda onuň geljekki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Gepleşikleriň barşynda taraplar tutuş sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy ugrunda degişli gurallaryň has hem güýçlendirilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.