Onuň ölçegi Sankt-Peterburgdan az-kem kiçidir.

Angliýanyň Antarktida gullugynyň barlagyna görä, Antarktidada Brunt buz üýşmeginden ullakan aýsberg döwüldi.

Aýrylan aýsbergiň meýdany takmynan 1270 inedördül kilometre barabardyr. Bu 1439 inedördül kilometre barabar Sankt-Peterburgyň meýdanyndan birneme az.

Alymlar Brunt buzlugynyň 9 ýyl ozal çatryklar bilen örtülendigini anykladylar. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda golaýlap gelýän bölünişigiň alamatlaryna göz ýetirdiler we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda günde 1 km tizlikde ösýän buzdan ullakan bir çatlama kesildi.

Ondan öň “Terra” hemrasy 2017-nji ýylyň iýul aýynda Larsen buz tekjesinden aýrylan äpet aýsberg A68- iň nädip döwülendigini görkezdi.