Her gyş täze görnüşe eýe bolýar.
Günorta Uralyň Zýuratkul milli seýilgähinde adaty bolmadyk buz "heýkeli"
barha köp syýahatçyny özüne çekýär.
Her gyş, suw akyp gelen ýerinden doňup ol suw çüwdürime öwrülýär. Onuň
görnüşi elmydama täze bolup, ýele we beýleki howa şertlerine baglydyr.
Suw bu ýerde 1976-njy ýyldan başlap ýeriň aşagyndan çykyp başlady. Şonda
geologlar demir magdanyny gözläp, suwa çydamly gözýetim burawlap, artezian
basseýnine girdiler. Netijede buraw işleri togtadyldy we çüwdürim henizem
asmana direýär. Tomusda onuň beýikligi 7 metre, gyşda bolsa açyk gök buzuň
ägirt uly bölegi 14 metre çenli ösüp biler.
Ondan öň kraterli wulkan görnüşindäki şuňa meňzeş bir hadysa Gazagystanda
peýda bolupdy.
Syýahatçylar Uraldaky buz "çüwdürimine" geldiler
