17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde türkmen
hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi bolup geçer, ol adatça
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabat
getiriler, şu ýylda birleşme özüniň on üç ýyllygyny belleýär. Bu barada hususy
pudagyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Eýýäm TSTB-niň 170 sany agzasy bu çärä gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Olaryň içinde oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk,
gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim,
IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, halk senetçiligi we
beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri.
Gözden geçirilişiň esasy maksady – Watanmyzyň telekeçiligiň diňe bir
üstünliklerini däl-de, onuň mümkinçiliklerini ýaýyp görkezmeklik. Şonuň üçin
esasy üns dürli ulgamlardaky täzeçilikler bilen tanyşdyrylyşda jemlener, şeýle hem
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we daşary ýurtlara ibermek üçin niýetlenen
önümleriň önümçiliginde telekeçiler tarapyndan ulanylýan innowasion işlenip
taýýarlamalara üns beriler.
Şeýle hem Sergiler merkeziniň meýdançasynda täze modaly lybaslaryň “Ýaz-
Tomus-2021” ýygyndysynyň görkezilşi geçiriler.
TSTB-niň işewürlik merkezinde geçiriljek maslahatda hususy bölegiň öňünde
duran düýpli döwlet maksatnamalary boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň
aspektleri, iri döwlet sargytlaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine
ýetirmeklik, hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri we watanmyzda öndürilýän harytlary
daşary ýurtlara hödürlemek boýunça barha giňelýän mümkinçilikler barada
soraglar ara alnyp maslahatlaşylar.
17-18-nji martda telekeçileriň sergisi we maslahaty geçiriler
