Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid
Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda
Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasyna (YHG) başlyklyk etjekdigini we bu ugurda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, häzirki wagtda bu
guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda
wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen
tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, YHG-na başlyklyk etmek wezipesini üstünlikli
durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy
we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-ä agza
ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek,
söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze
ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar.
Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek
boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-niň çäklerindäki
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Şeýle hem, şu ýylyň mart aýynda YHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana
saparyny guramak we YHG-niň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň
ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip
edilýär.
Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri we
guramaçylyk meselelerini geçirmek, türkmen tarapynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň öňde boljak sammitine taýýarlygy boýunça zerur tagallalary etmek
babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar
ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady
guramadyr. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy.