Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri
nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar
kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz”
döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň
umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 281 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 3 million 390 müň
manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen soekstruzion polipropilen plýonkasyny hem-de pagta
süýümini satyn aldylar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
