Keniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky goraghanada ýaşaýan dünýädäki ýeke-täk ak žirafy brakonýerlerden goramak maksady bilen elektron bellik edildi.

Indi bellikden alnan signal hemra iberiler we goragçylar onuň hereketini yzarlap bilerler.

Bu erkek žiraf, köpçüligiň ynanjynyň tersine, albinos däl, ol seýrek genetiki näsazlyk – leýkizm bilen doguldy, netijede deriniň pigmentini ýitirdi.

Žiraflar ýer ýüzündäki iň uzyn haýwanlardyr, olar Afrika ýurtlarynyň 15-sinde ýaşaýarlar we gynansak-da derileri we etleri üçin bikanun awçylar tarapyndan awlanýar .

Afrika ýabany tebigat gaznasynyň (AWF) hasabatyna görä, bikanun aw we duzak sebäpli žiraflar soňky 30 ýylda 40% azaldy .

Indi, tebigaty goraýyş guramalarynyň hasaplamalaryna görä, dünýäde ýabany tebigatda 68293 žiraf bar.