Munuň üçin ýörite enjamlary ulanmaly boldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýangyn söndürijileri demir haýatyň
gözenekleriniň arasynda galan keýige kömek etmek üçin çagyryldy.
Bu waka Nýu-Jersi ştatynyň Mantua şäherinde bolup geçdi. Keýikler ýerli
ýaşaýjylaryň öýleriniň golaýyndaky gazonlarda erkin gezýärdi.
Ýangyn söndüriji topar germewleri ýazdyrmak üçin özleri bilen gidrawlik
ekspander getirdi. Keýik özüni erkin duýansoň, derrew gaçdy. Ýangyn
söndürijiler onuň agyr ýaralanmandygyny aýtdy.
"Ajaýyp iş!", "Sag bol ýigitler" teswirçiler wideonyň aşagynda sosial
ulgamlarda ýazýarlar.
Ýangyn söndürijiler demir gözenekde galan keýigi halas etdiler
