Pişik uçuş wagtynda uçarmanlara hüjüm etdi.
Sudan Tarco howa ýollary tarapyndan Hartumdan (Sudandan) Doha
(Katar) uçuşynda adatdan daşary waka boldy. Bir ýarym sagat uçuşdan
soň, gaty gaharly hereket edip, adamlara topulýan bir pişik peýda boldy.
Ilki uçarmanlar topary pişigi tutmaga we köşeşdirmäge synanyşdy,
ýöne hiç zat bolmady, şonuň üçin uçary yzyna öwrüp, gyssagly
gonmaga mejbur boldular.
Uçary oturtmagyna üstünlikli geçendigi, hiç kimiň ýaralanmandygy
we pişigi howa menziliniň işgärleri alyp gidendigi habar berildi.
Jandaryň geljekki ykbaly belli däl.
Zalym pişigiň nädip münendigi entek belli däl. Howa menziliniň
işgärleri angaryndaky arassalaýyş ýa-da inženerçilik barlaglary
wagtynda uçary açanda, içeri giren bolmagy ähtimal diýlip çaklanylýar.
Sudandan uçan uçar agressiw pişik sebäpli howa menziline dolandy
