Jemgyýetçilik torlarynda Beeple ady bilen tanalýan sanly ulgama esaslanýan suratkeş Maýk Winkelman tarapyndan döredilen 10 sekunlyk wideorolik 6,6 million dollara satyldy. Bu barada Hi-Tech.Mail.ru habar berýär.

2020-nji ýylyň oktýabrynda maýamyly sungat eserlerini ýygnaýjy Pablo Rodriges-Fraýle wideoroligi azyndan 67 müň dollara satyn aldy. Golaýda kolleksioner ony 6,6 million dollara satdy. Satyn almakdan öň suratkeş Maýk Winkelmanyň rolikdäki özüne mahsus bolan sanly goly bloçeýniň kemeginde anyklanyldy. Bu ýerde gürrüň, NFT (Non-Fungible token) ady bilen atlandyrylýan täze sanly aktiw görnüş hakynda gidýär.

NFT pandemiýa wagtynda adatdan daşary ýagdaýda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Çünki inwestorlar we kolleksionerlaryň arasynda diňe sanly ulgamda emele gelen sungat eserlerine bolan talap artdy. NFT juda ýaş tehnologiýa bolandygyna garamazdan, bu görnüşdäki bazaryň göwrümi duýarly derjede uly we geljegi röwşen hasaplanýar.