Orbital Assembly Corporation kompaniýasy emeli dartyş güýjüne eýe ilkinji orbital myhmanhana – täze “Voyager” taslamasynyň göz öňünde tutýan işlerini mälim etdi. Bu barada “Korrespondent.net“ habar berdi. “Voyager” taslamasy öň NASA Apollon meýilnamasynyň esasy döredijilerinden biri bolan ady rowaýata öwrülen raketa dörediji alym Wemer fon Braun tarapyndan ýasalypdy.
Konsepsiýa görä, 200 metrlik tigirçek aýlanyp, ýolagçylar üçin emeli dartyş güýjüni döredýär.
Stansiýa özüne 400-e çenli adamy sygdyryp bilýär. Olar üçin restoranlar, barlar, tomaşa zallary, kinoteatr we konsert meýdanlary, kitaphana, türgenleşik zallary we spa-salonlar hyzmat görkezýär. Myhmanlar 20×12 metr ölçegdäki, ýuwunyş otagyna we hajathana eýe 24 sany modulda ýaşarlar.
Kompaniýa Marsyň golaýynda diametri 61 metr bolan myhmanhananyň prototipini döreder. Ol ýerde Ýeriň dartyş güýji 40 göterimi kemala getirýär. Konstruksiýany STAR roboty gurar we koliforniýada synagdan geçiriler.
Konsepsiýa görä, bu myhmanhanada kosmik syýahatçylar, alymlar we kosmiki gulluklarynyň älem tejribelerini we türgenleşiklerini geçirmegi mümkin bolar. Kompaniýa stansiýanyň gurluşyk işlerini 2025-nji ýyldabaşlanmagy we birnäçe ýylda tamamlamagy meýilnamalaşdyrýar.