Adamzat taryhynda akyldar şahyrlar, alymlar, kompozitorlar öz döredijilikleri bilen diňe bir döwre däl, diňe bir halka däl, eýsem, tutuş ynsanyýete we ömre degişli ölmez – ýitmez eserleri bilen adyny möhürläpdirler. Şeýle şahslaryň biri „Halk pikiriniň jarçysy“, “Akyl dürüniň egsilmez hazynasy “, „Ynsanperwerlik mirasynyň ýokary basgançagy“, „Dünýä edebiýatynyň şamçyragy“, „Dünýä poeziýasynyň ummany“ Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň döreden eserlerini älemde tebigatyň bolluk bilen eçilen suwuna, dürli görnüşdäki janly-jandarlaryna , ösümlikler dünýäsine baý bolan ummana meňzedesim gelýär. „ Dile gelen sözlerini köňül nagşy edip taraşlap şagladan„ Magtymguly Pyragy şol atlary bermäge her bir jähetden mynasypdyr.
Magtymguly Pyragynyň ady tutulanda, ilkinji nobatda, mertebe, wepadarlyk, söýgi, durnuklylyk, agzybirlik ýaly sözler ýadyňa düşýär.
Magtymgulydan soňky döwürlerde ýaşap geçen, belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew şeýle belläp geçýär. “Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp , many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we soňraky geljeklere altyn hazyna galdyrdy”.
A.S.Puşkin hakynda Belenskiý şeýle diýipdir: “Puşkin hemişelik ýaşaýan hem-de hereket edýän hadysalara degişlidir … Her döwür olar hakda öz pikirini aýdýar hem-de döwür olara näçe dogry düşünse-de, özüniň yz ýanyndaky döwre aýtmak üçin nähili-de bolsa, täze we dogry bir zady galdyrar, ýöne döwürleriň hiç haýsy hem ähli aýtmaly zady aýdyp bilmez“. Beýik Magtymgulyny hem, şonuň ýaly ebedi hereket edýän hadysalaryň hataryna doly hukuk bilen goşsa bolar.
Geçmişiň dürli syýahatçylaryndan we alymlaryndan başlap, häzirki zamanyň meşhur alymlaryna çenli tutuş iki asyryň dowamynda Magtymguly hakynda täze we dogry pikirleriň ýüzlerçesi aýdyldy. Olardan: Magtymguly türkmeniň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.(Ý. E. Bertels)
Magtymgulynyň nahili ömür sürüp ötendigini hazir göz öňüne getirmek gaty kyn. Biz ol barada köp zatlary bilemzok, ýöne çak edýäris. Emma biz onuň şygyrlaryny okaýarys, bularda şahyr öz döwri barada taryhçy adama-da başartmajak ussatlyk bilen gürrüň berýär. ( N. Tihonow.)
Emma aýdylmagy gerek bolan pikirleriň henize çenli ýüzden bir bölegi hem aýdylmady. Sebäbi Magtymgulynyň poeziýasy Ýer ýaly sada , şonuň bilen bir wagtda – da, Ýeriň özi ýaly baý hem çylşyrymly. Bu barada:
Ýöne bir uly däl, juda uly sen,
Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen!
Şonuň üçin saýlap daşlaň ulusyn,
Ýasadyk biz senden dagyň ýagşysyn!
Şeýdip, dag üstünde, dag bol-da otur,
Kümüş dünýä bakyp, daňyňy atyr,
Geçse-de üstüňden müň-müňläp asyr,
Alarsyň alkyşdan paýyň ýagşysyn!
diýip, Kerim Gurbannepesow öz gosgy setirlerinde tassyklaýar.
Magtymgulynyň döredijiligi – düýpsüz umman. Onuň her bir aýdan sözi diňe bir halka däl, eýsem, tutuş halka, olaryň ýüregine tiz aralaşýar. Bu şahyr türkmen halkynyň milli şahyry bolmak bilen bir hatarda, bütin adamzadyň akyldar şahyrydy. Çünki söz ussadynyň gozgaýan dünýewi we ylahy meseleleri, olaryň akyl -paýhasa eýlenen çözgütleri Ýer togalagyna guşak bolup guşalýar. Magtymgulyny okan özge halkyň wekili türkmen halkynyň ynsanperwer taglymlaryny we tutuş ynsanyýete degişli taglymlaryny görüp bilýär.
Hormatly Prezidentimiziň badalga beren ajaýyp döwründe beýik akyldar şahyryň sarpasy dünýä derejesine çykdy. Onuň şöhraty, hormaty beýikdir. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyz “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Karara gol çekip, ony degişli derejede ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň ata –babalarymyzyň milli däplerine eýerýändigi, halkymyzyň taryhy hakydasyny dikeltmek, türkmen topragynda taryhyň gatlaryna siňip giden şahsyýetlerimizi öwrenmek meselesine aýratyn ähmiýet berýändigi onuň geçmişdäki beýik şahsyýetlerimize çäksiz hormat bilen garaýandygyndan nyşandyr. Edebi mirasymyzy toplamakda, öwrenmekde, anyk maglumatlary işläp halka ýetirmekde netijeli işleri alyp barmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Göwher Gurbanowa
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň II ýyl talyby.