Irlandiýaly sport suratçysy Jeýms Krombi ajaýyp surata düşirdi, bir kölüň üstünde köp sanly garasarlar meýletinlik bilen ullakan guşa öwrüldi.
Dublinde ýaşaýan suratçy, boş wagtlarynda oba landşaftlaryny surata düşürýär, kärdeşi Kolin Hog bilen birnäçe aýlap guşlary yzarlaýar. Hatda öňki eserleriniň biri üçin baýrak almagy başarypdy. Ýöne iň ajaýyp surat ,belli bolşy ýaly, öňde garaşýardy.
Surat Irlandiýanyň merkezindäki Mullingaryň golaýyndaky Loç Annelliň üstünden düşürildi. Ullakan süri kölüň üstünde haýallyk bilen aýlanýar, görnüşi ullakan kepderä meňzeýär.