Karantin çäklendirmeleriniň gowşadylmagy sebäpli, Kopengagende Daniýadaky beýleki edaralar ýaly haýwanat bagy hem gapylaryny açdy.
Hatda onuň ýaşaýjylarynyň käbiri bu ýere gelenleri küýseýän ýaly bolup,olary garşy almaga çykdylar.
Şeýle-de bolsa, ekzotik haýwanlary ýakyndan görmek isleýänler, sapardan üç gün gijä galman geçirilen koronawirus barlagynyň negatiw netijesini görkezmeli.
Kopengagen haýwanat bagynyň müdiri Ýorgen Nielsen şeýle diýýär:
“Biz taýyn, ähli çäreleri görýäris, häkimiýetleriň görkezmelerini ýerine ýetirýäris. Haýwanat bagymyzda hiç zat üýtgemedi diýen ýaly. Elbetde, içerki zallarymyz ýapyk dur. Biz olary bolmalysy ýaly saklaýarys. Ýone size 60,000 inedördül metri bolan üýtgeşik haýwanlary bilen täsir galdyrjak ýerlerimiz bar”.
Düzgüne laýyklykda, sowgatlyk dükanlaryndan başga ýapyk ýerler hemmeler üçin elýeterli bolmaly däl. Haýwanat bagynyň ähli ugurlarynda afişalar ýerleşdirilip, sosial aralygy saklamagy haýyş edýärler.