«Ýuwentusyň» portugaliýaly futbolçysy Kriştiano Ronaldu şertnamasyny 2023-nji ýyla çenli uzaltmak teklibi bilen italiýan klubunyň ýolbaşçylaryna ýüz tutdy. Bu barada Tuttomercatoweb tarapyndan habar berildi.

Futbolçy bilen häzirki şertnamanyň möhleti 2022-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanýar. Ronaldu, noýabr-dekabr aýlarynda Katarda geçiriljek 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek üçin «Ýuwentusda» çykyşyny dowam etdirmek isleýär.

Ronaldu 36 ýaşynda, “Altyn top” baýragynyň bäş gezek ýeňijisi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi. 2018-nji ýyldan bäri «Ýuwentusda» oýnaýar.