Ýewropa bileleşigi, Gollandiýanyň Milli Saglyk Instituty bilen bilelikde şu ýyl 18-22-nji maýda Gollandiýada geçiriljek Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi üçin sanitariýa düzgünleriniň toplumyny döretdi.
Ilki bilen çäräniň gerimi ep-esli azaldy: sungat işgärlerine ýoldaşlyk edýän wekiliýetleriň düzümi çäkli bolar; sahnalaryň režisiýorlaryndan mümkin boldugyça korpus baleti bolmazdan haýyş edildi; meýdançada adatdakydan bir esse az, ýagny 500 žurnalistleriň işlemegine rugsat edildi. Ýene müňe golaý habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýöriteleşdirlen saglyk merkezlerinden bäsleşigi halka ýetirip bilerler
Elbetde, ýerine ýetirijilerden başlap, sahna işgärlerine çenli gatnaşýanlaryň hemmesi yzygiderli synagdan geçer.
Wekiliýetler Gollandiýa gitmezinden bäş gün öň özlerini izolirlemeli we syýahatdan 72 sagat gijä galman barlag tabşyrmaly bolar.