ABŞ-nyň Missuri ştatyndan balykçy Jesse Hýuz Osage derýasynda 51 kg
agramly gara Amur balygyny tutdy.
Hýuzyň bu geň tutumy diňe bir balygyň ululygy sebäpli däl, eýsem, gara
amur ABŞ-da tutup bolmaýan görnüş we 2007-nji ýyldan bäri ýerli ösümlik we
haýwanat dünýäsine howp salýan howply haýwanlar hökmünde gara sanawa
girizilmegi bilen tapawutlanýar. Gara amurlar ýitip gitmek howpy abanýan ýerli
mollýusklary ýok edýär.
ABŞ janly gara amur getirmek gadagandyr. Ýerli derýalarda bolsa 1994-nji
ýylda bolan bir wakadan soň ýüze çykypdyr. Suw joşmasy wagtynda 30 sany gara
amur balyk fermasyndan "gaçyp", Missisipi we golaýdaky derýalara ýüzüp
çykdylar.
Hýuz dostlary bilen balyk tutýarka Amur öz çeňňegine gysdy. Çeňňege uly
balyk düşendigine göz ýetiren balykçy oňa gök som diýip çaklady. Gara amury,
görüp geň galdy. Amerikaly balykçy şeýle balygy ilkinji gezek görýärdi. Häzirki
wagtda ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy balygy öwrenýär.
Gara amurlaryň uzynlygy 1,9 metre çenli, agramy 100 kg-dan ýokary bolup
biler.
Amerikaly balykçy äpet gara amur balygyny tutdy
