Iýmitleniş boýunça hünärmen Sintiýa Sass hurmanyň iýmit siňdiriş, ýürek-
damar ulgamy we beýniniň işleýşini gowulaşdyrýandygyny aýtdy.
Önümde köp sanly witaminleriň, minerallaryň (kalsiý, demir, magniý, kaliý,
sink, marganes) we ýokanç kesellere garşy göreşde gatnaşýan antimikrob
birleşmelerini öz içine alýan tebigy antioksidantlaryň bardygyny belläp geçdi.
Saglyk portalyna beren gürrüňinde hünärmen "Üç hurma, süýümiň gündelik
kadasynyň18 göterimine deňdir, bu aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegi üçin
möhümdir" -diýdi.
Mundan başga-da, hurma ýürek keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar,
holesterini, gan şekerini kadalaşdyrýar we Alsgeýmer keseli bolan adamlara –
esasanam polifenollaryň beýniniň çişmegine we oksidleýji streslere garşy
göreşmek ukyby sebäpli kömek edip biler.
Berhiz lukmany içegeleri dikeldýän önüm hakda gürrüň berdi
