Argentinada ýaýlyma berilýän “Superfutbol” futbol programmasy bilen
söhbetdeşlikde Edisonyň kakasy Luis Kawani ýyldyz oýunçynyň Günorta
Amerikada oýnamak isleýändigini aýtdy.
"Oglum karýerasyny Angliýada dowam etmek islänok. Maşgalasy bilen bile
bolmak we Günorta Amerikada bolup şol ýeriniň toparynyň formasyny geýmek
isleýär.
Iýun aýynda komandadan çykar öýdýärin. "Mançester Ýunaýted" bilen
şertnamasynda iýun aýynda gitmäge mümkinçilik berýän bir madda bar.
"Mançester Ýunaýted" toparynyň dolandyryjysy Ole Gunnar Sulşar Edinson
Kawaniniň toparda galmagyny isleýändigini aýtdy.
"Edinsonyň gaty gowy iş edýändigini aýdyp bilerin. Olar mende örän uly
täsir galdyrdy"-diýip aýtdy.