Russiýanyň Gelenjik şäheriniň häkimliginiň metbugat gullugy Russiýadaky iň
garry sürüji barada maglumat berdi. Krasnodor ülkesinde 100 ýaşly rekordçy bar.
Ol häzir hem “Mitsubishi Pajero” kysymly awtoulagyny dolandyryp gelýär.
Krasnodor ülkesiniň Arhipo-Osipowka obasynda ýaşaýan Iwan Kurbakow
Russiýadaky iň garry sürüji hökümnde hasaba alyndy. 2020-nji ýylyň noýabrynda
ol “Russiýanyň rekordlar kitabyna” girizildi. Ol wagt Iwan Kurbakow 99 ýaş 10 aý
we 17 gün ýaş bilen hasaba alnypdy.
Iwan Kurbakowa ýurtdaky iň garry sürüjidigini tassyklaýan sertifikat biraz
wagt soňra gowşuryldy. Ýaşuly sürüjimiz häzirki wagtda hem üç gapyly
“Mitsubishi Pajero” kysymly awtoulagyny dolandyrýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Amerikanyň ýol
hereketiniň howpsuzlygy ätiýaçlandyrmasy instituty sosial barlaglary geçirip, 70
ýaşdan geçen sürüjileriň 35-54 ýaşlaryndaky herekete gatnaşyjylardan az ýol
helakçiligine uçraýandygyny anykladylar.
100 ýaşly sürüji. Ol häzir hem awtoulag dolandyrýar
