Riverside (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary “Environmental
International ” ylmy žurnalynda çap edilen gözleginde sürüjiniň ýa-da ýolagçynyň
zyýanly maddalaryň gündelik dozasyny täze awtoulagda bary-ýogy 20 minutda
alyp biljekdigi barada netijä geldiler.
Barlagçylar, adamlara ýetirýän zyýanly täsirleriniň esasan matalardan,
plastmassadan we ýelimden çykýan benzol we formaldegid buglaryndan emele
gelýändigini anykladylar. Bu maddalar merkezi nerw ulgamynyň bozulmalaryna,
bronhial demgysma we beýleki agyr kesellere sebäp bolup biler. Şeýle hem täze
awtoulagyň içki böleginde adam bedeninde ýygnanyp bilýän we saglyga howply
diýlip ykrar edilýän ftalatlaryň we hlorly organofosfatlaryň buglary bar.
Awtoulagyň içindäki howply buglaryň konsentrasiýasynyň alty aý töweregi
saklanýar we bu döwürde sürüjileriň saglygyny goramak üçin ýörite çäreleri
görmelidirer.
Täze awtoulagyň içini şemallaşdyryň; kölegede saklaň we howpsuzlyk şertleri
rugsat berse penjireleri açyk goýuň.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Alymlar täze awtoulagyň içiniň ysyny dem almagyň näme üçin howpludygyny aýtdylar
Alymlar täze awtoulagyň içiniň ysyny dem almagyň näme üçin howpludygyny aýtdylar
