Kastelorizona adasynda koronawirus ýok. Bu kiçijik Gresiýa adasynyň 500
ýaşaýjysynyň hemmesine eýýäm sanjym edildi. Bu ýere gelenleriň hemmesi
hökmany ýagdaýda barlagdan geçmeli. Ýerli ýaşaýjylar seresaply hereket edýärler,
ýöne hiç kim Ýewropanyň beýleki ýerlerindäki ýaly dartgynlylykda ýaşamaýar.
Geçen ýylyň mart aýyndan bäri adada diňe bir koronawirus keseli ýüze
çykaryldy. Ýaşaýjy çalt izolýasiýa edildi we wirus ýaýramagyň öňi alyndy.
Ýerli ýaşaýjylar gorag maskalaryny geýmezligi makul bilýärler. Şäher
häkimligi her kimden howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegini talap edýär we
dezinfeksiýa toparyny hakyna tutýar. Tomus möwsümi barada aýdylanda,
Kastelorizon sanjym şahadatnamasy baradaky teklibi goldaýar.
Kastelorizon şäheriniň häkiminiň orunbasary Stratos Amygdalos: "Sanjym
bize psihologiki taýdan kömek etdi, özümizi has gowy duýýarys. Alada etmezden
ozal gorky we howpsyzlyk duýýardyk, ýöne COVID-19 ýokaşma ýagdaýlary
diýen ýaly ýokdy. Meniň pikirimçe hemme zat netije berer. Sanjym
şahadatnamalaryny goldaýarys. Kastelorizon ýaly kiçijik ýerlerde syýahatçylara
sanjym edilendigini bilmek möhümdir. "