Londonda oflaýn Amazon supermarketi açyldy. Bu Amerikan
kompaniýasynyň ABŞ-den başga ýerde açan kassirleri we satyjylary bolmadyk
ilkinji dükanydyr.
Amazon Angliýada esasanam pandemiýa döwründe, aragatnaşyksyz töleg
ulgamy bolan söwda nokatlarynyň uly isegler bilen ulanjakdyklaryna umyt
edýärler.
Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonyň ýaşaýjysy Erika Eli şeýle diýýär:
«Siziň bar etmeli zadyňyz programmany ýükläp almaly, girelgede QR koduny
skanirlemeli. Ulgam sebetdäki zatlary tanadýar. Dükandan çykanyňyzda
awtomatiki usulda töleg alynýar. Hasap-faktura döreden hasabyňyza iberilýär".
Ýeri ýaşaýjy Benjamin Rojers şeýle diýýär:
"Meniň pikirimçe, esasy artykmaçlyk hem şunda. Şeýle supermarketde söwda
edeniňizde, tölemek üçin 5, 10, 15 minut garaşmaly däl".
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda eýýäm 24 sagatlyk iki sany uly Amazon Go
we Amazon Go Grocery dükany bar. Angliýada durmuşa geçirilýän
maksatnamanyň çäginde kompaniýa öz markasy bilen haryt hödürledi.
Londonda «Amazonyň» ilkinji oflaýn dükany açyldy
