Koronawirusdan soň näsaglar öz ýagdaýlaryny "beýni dumany" diýip
häsiýetlendirýärler, aň-düşünjäniň bozulmagy, aladalanmak, ukusyzlyk bilen
häsiýetlendirilýär diýip, lukmançylyk ylymlarynyň lukmany, 1-nji psihiatrik
kliniki hassahananyň baş lukmany aýtdy.
Barlaglara görä, keselden soňky bozulmalary bu serebrasteniki
simptomatologiýa diýip beýan etdik, psihiatrik terminologiýada hassalaryň öz
ýagdaýlaryny beýan edýän sözler we söz düzümleri köplenç ulanylýar, indi bolsa
şeýle sözlem bar – " beýni dumany”. Näsaglar öz ýagdaýlaryny ýokanç prosesden
şeýle suratlandyrýarlar" – diýip, hünärmen «Russiýa şu gün» MIA-da geçirilen
metbugat ýygnagynda düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý, esasan, ukynyň bozulmagy, aladalanmak we
köp hassalarda – depressiw ýüze çykmalar bilen utgaşmak bilen häsiýetlendirilýär.
Şeýle hem, covid bilen bagly bolmadyk bozulmar – infodemiýa sebäpli dörän
başga näsazlyklaryň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Lukman COVID-19 hassalarynda «beýni dumanlary» barada gürrüň berdi
