Alada ýa-da aladalanma duýgulary ýürek kesellerinden duýduryş berip biler. “Express” neşiri bu barada Angliýanyň Milli saglyk gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, köplenç bu alamatlary howsala hüjümleri bilen bulaşdyrýarlar. Sebäbi bu ýagdaýyň alamatlarynyň köpüsi ýürek keselleriniň alamatlaryna meňzeýär.
Bu howsala hüjümleriniň köpüsi 5-20 minut dowam edýär, ýöne käbir hassalar bir sagada çenli başdan geçirip bilerler. Aljyraňňy hüjümiň fiziki duýgulary ýüregiň urmagyny ýa-da ýokarlanmagyny, titremegi, gowşaklygy we baş aýlanmagy öz içine alýar. Oňa duçar bolan adamlar gaty yssy ýa-da sowuk duýup bilerler we titräp bilerler, döşünde ýa-da garnynda ýürek bulanma we agyry duýup bilerler. Käbirleri akyllaryny ýitirip, öz bedenlerine erk edip bilmeýändiklerini duýup bilerler.
«Ýürek keseliniň alamaty bolup biljek şular ýaly alamatlar gaýragoýulmasyz
lukmançylyk kömegini talap edýär» diýip lukmanlar duýduryş berýär.

Gülçemen HAKBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 106-njy toparynyñ talyby