Android” iOS-dan has açyk we şonuň üçin has çeýe. Bu çeýeligiň ýüze çykmalarynyň biri,
islendik programma üpjünçiligini smartfona gutudan gurnamak mümkinçiligidir. IOS-da şuňa
meňzeş hiç zat edip bolmaz, ulanyjylar diňe öndürijiniň bazara zerur programma üpjünçiligi
toplumy bilen enjamlary üpjün edip başlamagyndan peýdalanarlar.
Geýts haýsy smartfony ulanýandygyny aýtmady, ýöne Samsung bolmagy ähtimal.
Geýts, iOS-dan geçeninde Android-e öwrenişmeli bolandygyny gizlemeýär. Ýagny öň
“iPhone” -ny ulanandygyny aňladýar. Dogry, telekeçi geçişiniň sebäplerini aýtmady. Munuň
sebäbi Microsoft programma üpjünçiligini öňünden gurnamaga razy bolan we şol bir wagtyň
özünde Geýtse sowgat hökmünde markaly enjam beren käbir smartfon öndürijileri bilen
hyzmatdaşlyk bolmagy mümkin.