Sosial aralyk, maska ​​we el antiseptikleriniň ulanylmagy COVID-19
töwekgelçiligini azaldyp biljek üç esasy düzgün.
Pandemiýa peselip başlady, ýöne wirusa garşy ýeňiş entek uzak diýip
lukmanlar duýduryş berýärler. Mart we aprel epidemiologiýa taýdan gaty amatsyz
döwür. Bu aralykda, maska ​​rejimi adatça berjaý edilse gowy boljak. Ýöne kabir
adamlar bu düzgünleri berjaý etmek yzgiderliligini ünsden ggaçyrdylr.
Eller infeksiýany ýokaşdyrmagyň iň ýaýran usullaryndan biridir.
Dürli himiki elementleri öz içine alýan köp sanly antiseptikler bar. Iň
täsirlileri düzüminde spirt bardyr. Elleriňizi mümkin boldugyça ýygy-ýygydan
zyýansyzlaşdyrmaly, ýöne antiseptikleriň şol bir wagtyň özünde ellerimiziň
derisine zyýan ýetirýändigi unutmaly däl. Sanitizatoryň ýok ediji himiki
maddadygyny ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Şonuň üçin dürli nemlendirijileri,
kremleri ulanmaly ýa-da derini goramagyň käbir elementlerini öz içine alýan
antiseptikleri saýlamaly.