“IPhone 12 mini” -e bolan isleg “Apple” -iň garaşdygyndan hem az boldy. Ýogsam, kompaniýa
işe başlanyna alty aýdan hem az wagtyň geçendigine garamazdan, näme üçin smartfon
önümçiligini azaltmak kararyna geldi?
“Nikkei” onlaýn neşiriniň çeşmelerine görä, “Apple” üpjün edijilerine we şertnama
öndürijilerine “iPhone 12 mini” -iň önümçiligini azaltmak barada duýduryş berdi. Kompaniýa
ykjam flagman önümçiligini ilkibaşda meýilleşdirilen göwrümiň azyndan 70% azaldar. Mundan
başga-da, “Apple” käbir üpjün edijilere “iPhone 12” -iň kiçi wersiýasy üçin käbir bölekleriň
önümçiligini wagtlaýynça togtatmagy buýurdy we käbir önümçilik liniýalary iň ýokary derejeli
“iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” üçin bellendi.
iPhone 12 mini şowsuz boldy: “Apple” onuň önümçiligi 70% azaldýar
