1 BEDRE PAMOÝ
(1-nji bölüm)
Köpetdagy alkymlap otyran Hurmant Gökje obasy. Dagdan şaglap inýän çeşme suwunyň sesi erkana uçup ýören guşlaryň owazyna goşulyp gidýär. Bu ýyl gyş adatkysyndan üýtgeşik gelip ýaňy güllän erikleriň güllerini döküp gitdi. ”Bäh öňleremä şeýle zatlar bolýan eken, ýöne näme üçin könelerden sapak çykarmaýarlar” diýip içini hümürdedip barýan Aman iş ýerine ýetenini duýman galdy.
-Salamwaleýkum ýaşuly.
-Waleýkum Essalam diýen garawul ýaşuly ukudan galan gözlerini Amana dikip jogap berdi.
-Men diýýän ýaşuly biziň obalarda gyş gijä galyp gar ýaganda muny öňünden bilen adamlar erigiň düýbüne buz gömerdiler güllemez ýaly. Bu ýyl erigi kynyrak iýäýmesek.
Hä inim şeýle diýen ýaşuly Amanyň sözlerine jogap beren ýaly etsede agşamky nahardan artyp galan 1 bedre pamoýyny alyp öýüne tarap ýumlukdy.
Domamy bar…