ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň dört ýaşaýjysy ABŞ-nyň taryhynda ululygy
boýunça üçünji ýerde durýan 1,05 milliard dollarlyk lotereýa baýragyny paýlaşdy.
Ýeňijileriň atlary yglan edilmedi, ýöne olaryň hemmesi “Wolverine FLL
Club” atly ýerli lotereýa klubuna degişlidir diýip CNN habar berdi .
Lotereýanyň ýeňijileriniň sözlerine görä, dostlar jekpotyň bir milliard
ýetendigini görüp, bilet satyn almaga gidipdirler. We ol bilet şowuna çykdy.
Lotereýa düzgünlerine görä, utuşlary birbada ýa-da birnäçe tölegde
görnüşinde alyp bolýar. Ýeňijiler utuşyň hemmesini birden almak kararyna gelse,
gazanylan mukdar azalýar. Ýeňijiler pullary birden almagy karar etdiler. Olara
776 million dollar tölener. Salgytlardan soň bu mukdar 557 million bolar.
Ýeňijileriň pikiriçe, olar sada durmuşda ýaşamagy dowam edip, utuşlaryny
çagalarynyň geljegine maýa goýmagy meýilleşdirýärler.
Amerikanyň dört raýaty lotereýada bir milliard dollar gazandy
